Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdoganyň partiýasy ýeterlik goldaw almady


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan saýlaw nokadynda, Stambul, 7-nji iýun, 2015
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan saýlaw nokadynda, Stambul, 7-nji iýun, 2015

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň partiýasy soňky 13 ýylyň dowamynda ilkinji gezek saýlawlarda ses köpçüligini elden berdi.

7-nji iýunda sesleriň tas ählisiniň sanalmagynyň netijesinde “Adalat we ösüş” partiýasy sesleriň 41%-ne eýe bolup, 2011-nji ýylyň görkezijisine ýagny 50% ýetip bilmedi.

“Adalat we ösüş partiýasy” indi 550 orunlyk parlamentde 258 orun eýeläp biler. Onuň 2002-nji ýyldan soňky döwürde bolşy ýaly ýeke partiýaly hökümeti düzmek üçin ýene 18 orun ýetmeýär.

Bu netijeler prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrmak ugrunda hereket edýän “Adalat we ösüş” partiýasynyň planlaryna garşy çykýar.

8-nji iýunda Türkiýänuň milli puly lira dollar babatynda öz hümmetiniň 4%-ni ýitirdi

XS
SM
MD
LG