Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Saýlawda Erdogan ýeňmedi


Prezident Taýyp Erdogan (S) TW seriallaryna gatnaşýan aktýorlar bilen salamlaşýar, Stambul, 7-nji iýun, 2015 ý.

Prezident Taýyp Erdogan (S) TW seriallaryna gatnaşýan aktýorlar bilen salamlaşýar, Stambul, 7-nji iýun, 2015 ý.

Türkiýäniň parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri prezident Rejep Taýyp Erdoganyň dolandyryjy partiýasynyň öz aglaba köplügini ýitirendigini görkezýär. Bu il içinde meşhur, emma bölüji lideriň has kän ygtyýarlyk almak baradaky tagallalaryna urlan uly zarba bolup görünýär.

Sesleriň tas ählisine golaýynyň sanalmagy bilen, Erdoganyň Adalat we Galkynyş partiýasy, AKP, beýleki partiýalaryň ähilisiniň öňüni çekip, 40.8 prosent goldaw aldy diýip, Türkiýäniň SNN telekanaly habar berdi. AKP 2011-nji ýylda geçirilen öňki parlament saýlawlarynda 49.8 prosent ses alypdy.

Bu goldaw AKP-ä Türkiýäniň 550 orunlyk parlamentinde 258 orun berer, ýagny ýeke-täk hökümet partiýasynyň dolandyryşy üçin talap edilýän 274 orundan az ýer berer. Türk parlamenti 2002-nji ýyldan bäri hökümet partiýasynyň öňbaşçylygy astynda dolandyrylýardy.

Bu netijeler 7-nji iýun saýlawlarynda ýeterlik goldaw almaga umyt baglan AKP üçin ýeňliş hasaplanýar, sebäbi ol halk goldawyny alyp, prezidentiň ygtyýarlyklaryny güýçlendirmek üçin konstitutusiýa düzediş girizmekçidi.

Ýurtdaky esasy kürt partiýasy HDP parlament saýlawlarynda 13 prosent ses aldy, ýagny parlamentde wekilçilik etmek üçin talap edilýän 10 prosent ses talabyndan geçdi we bu goldaw oňa mejlisde 79 orun berýär diýip, türk metbugaty saýlaw komissiýasyna salgylanyp aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 7-nji iýunda bir hadysada güman edilýäniň tutulandygyny aýtdy, emma bu barada başga anyk zat aýtmady.

Dawutoglu saýlawdan soň ýeňlişi boýun almady we AKP-nyň saýlawda görnetin ýeňiji bolandygyny aýdyp, Türkiýede syýasy durnuklylygy saklamak üçin zerur bolan ähli çäräniň görüljegini wada berdi.

Emma şu aralykda kürtlere tarapdar HDP özüniň Erdoganyň partiýasy bilen koalisiýa gurmajagyny aýtdy.

HDP AKP bilen koalisiýa gurmaz

"Ozal hem aýdyşymyz ýaly, biz AKP bilen koalisiýa guramarys. HDP Türkiýede hakyky syýasy partiýa öwrüldi. AKP özüniň kürt meseleleri babatdaky beýanatlary sebäpli Türkiýäniň gündogar welaýatlaryny ýitirdi" diýip, HDP-niň lideri Selahattin Demirtaş aýtdy.

Esasan kürtlerden durýan Diýarbekir şäherinde, Türkiýäniň günorta-gündogarynda, köçelerde şatlyk-şagalaň boldy, adamlar tans edip, kürt baýdaklaryny galgadyp, Erdogana garşy şygarlara gygyrdylar.

Demirtaş Stambulda gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edip, saýlawyň netijeleri bilen bilelikde, «Türkiýede ýerine ýetiriji prezidentlik we diktatura çekişmesi soňlandy" diýdi.

Ol bu netijeleri «täze plýuralist we raýat konstitusiýasyny isleýänler üçin» ýeňiş hökmünde häsiýetlendirdi.

Sag-ganat Milletçi hereket partiýasy, MHP, saýlawda 16 prosent çemesi ses aldy.

Bu partiýa öňräkden bäri AKP bilen koalisiýa gurup biljek kandidat hasaplanýardy. Emma MHP-nyň lideri Dewlet Bahçeli beýle ylalaşygy ret etdi we eger AKP beýleki oppozisiýa partiýalary bilen koalisiýa gurup bilmese, täze saýlawyň geçirilmelidigini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG