Sepleriň elýeterliligi

"Uly-7": Terrorizm meselesine seredilýär


“Uly-7” guramasynyň Bawariýanyň Alp daglarynda geçirýän sammitiniň ikinji güni dünýäniň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwletleriniň liderleriniň terrorizm we howanyň üýtgemegi meselelerini maslahat etmegine garaşylýar.

Maslahata Britaniýanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Şeýle-de olaryň arasyna Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi we Nigeriýanyň prezidenti goşular we “Boko Haram” ekstremist toparynyň hem Yragyň hem Siriýanyň uly giňişliklerini basyp alan “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň döredýän howpy barada maslahat geçirerler.

7-nji iýunda Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron “YD” garşy söweşýän ýerli güýçleri türgenleşdirmek üçin öz ýurdunyň Yraga 125 harbysyny iberjekdigini aýtdy.

Sammitiň birinji güni Ukrainadaky konflikte esasy üns berildi.

XS
SM
MD
LG