Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyrat: Türkmenistan bäbekhana gurar


Türkmenistan Owganystanyň Hyrat regionynyň Turgundy obasynda bäbekhana gurup berer.

Prezident G.Berdimuhamedowyň 5-nji iýunda gol çeken permanyna görä, 20 orunlyk bu bäbekhanany gurmak üçin Türkmenistanyň Hyratdaky konsulhanasyna Owganystanyň “Haji Lal Mohammad Farahi Construction Co” şirketi bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegi hökmünde geýim, azyk, derman we mekdep esbaplaryny yzygiderli iberýär, şeýle-de serhetýaka regionlara ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny satýar.

XS
SM
MD
LG