Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 7 harby, 19 söweşiji öldi


Pakistanyň harbylary durnuksyz demirgazyk-günbatar regionynda bolan çaknyşykda 19 söweşijiniň we dokuz esgeriň ölendigini aýtdylar.

Söweş Waziristan regionynyň Owganystan bilen serhedine ýakyn ýerde gije ýüze çykdy.

Harbylar 7-nji iýunda agşam söweşijiniň içi bombaly keltekçesini partladyp, ýedi esgeri öldürendigini aýtdy.

Partlama söweşijileriň we harbylaryň arasynda söweşleri tutaşdyrdy.

Demirgazyk Waziristan 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri “Al-Kaýdanyň” we “Talybanyň” söweşijileriniň jemlenen ýerine öwrüldi.

Bu ýere žurnalistleriň barmagy we ölenleriň sanyny garaşsyz tassyklatmagy kyn bolýar.

XS
SM
MD
LG