Sepleriň elýeterliligi

Ukraina partlamada gozgalaňçylary aýyplady


Gämi partlamasyndan soň, Mariupol, 7-nji iýun, 2015

Gämi partlamasyndan soň, Mariupol, 7-nji iýun, 2015

Kiýew Ukrainanyň kenarýaka gözegçiligi gullugyna degişli kiçi gäminiň partlamagyna “gozgalaňçylar tarapyndan elde ýasalan bombanyň” sebäp bolandygyny aýdýar.

Ukrainanyň harbylarynyň 8-nji iýunda aýtmagyna görä, gämidäki serhet gözegçileri 7-nji iýunda Mariupol port şäheriniň golaýynda suwdaky guraly görüp, ony çykarmaga synanyşanda partlama bolupdyr.

Partlamada bir ofiser wepat boldy we bäşisi ýaralandy.

Mariupol gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konfliktde otly nokada öwrüldi. Azow deňziniň kenarynda ýerleşýän Mariupol şäheriniň üstünden gündogar Ukrainany we Orsýet tarapyndan 2014-nji ýylyň mart aýynda anneksiýa edilen Krym ýarymadasyny baglanyşdyrýan ýeke-täk guryýer ýoly geçýär.

XS
SM
MD
LG