Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ösýändigini aýdýar


Ykdysadyýet we ösüş instituty, Aşgabat
Ykdysadyýet we ösüş instituty, Aşgabat

Türkmenistanyň hökümeti anna güni, Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, 2015-nji ýylyň geçen bäş aýynyň sosial-ykdysady ösüşiniň jemlerine seretdi.

Türkmen metbugaty mejlise gatnaşanlaryň öz hasabatlarynda aýdan sanlaryna salgylanyp, ýurduň ykdysadyýetine maýa ýatyrmagyň möçberiniň 16 milliard manada – 4,6 milliard amerikan dollaryna golaý – bolandygyny habar berýär.

Şertnamalar esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň, şol sanda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdä barabar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Ýurtda gurulýan sosial maksatly binalaryň sanynyň 145 bolup, salynýan ýaşaýyş jaýlarynyň meýdanynyň 947 kwadrat metrdigi habar berilýär.

Bulardan başga, sosial-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanan mejlisde geçen bäş aýyň dowamynda parlamentiň iki sessiýasynda 50 kanunyň, 32 kararyň kabul edilendigi aýdylýar.

Türkmen studentleriniň we mekdep okuwçylarynyň dürli görnüşdäki intellektual bäsleşiklerde gazanan 113 medaly, türkmen sportçylarynyň gazanan 138 medaly hem geçen bäş aýyň gowy netijeleri hökmünde görkezilýär.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde habar berlen esasy ykdysady görkezijiler prosent görnüşinde getirilýär. Ýagny jemi içerki önümiň möçberiniň 9,5 prosent, aýlyk tölegleriniň 9,7 prosent, bölekleýin haryt dolanyşygynyň 19 prosent ösendigi aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,6 prosent bolup, çykdajy bölegi – 90,2 prosent bolupdyr. Ýurduň ýangyç-energetika toplumlarynyň özleşdiren maýasy bäş aýyň dowamynda 18 prosent köpelen bolsa, Senagat ministrliginiň öndüren önümleriniň möçberi, bitiren işleri we hyzmatlary 124,2 prosente barabar bolupdyr.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, tutuşlygyna alnanda, ýurduň gurluşyk we energetika toplumlarynyň ýanwar-maý aýlaryndaky plany, edilen işler we ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça, 127,1 prosente barabar bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtda, ösüşiň depgini 120 prosente barabar boldy diýip, TDH ýazýar.

Prezident G.Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde sözlän sözünde ýene bir gezek dünýäde nebitiň we gazyň bahasynyň aşak bolup galmagynyň dowam edýändigini, munuň dünýä ykdysadyýetine, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG