Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nobel baýragynyň laureatynyň adyny ilkinji gezek zenan yglan eder


Sara Dainus.

Sara Dainus.

Ýazyjy, edebiýatçy we tankytçy Sara Danius edebiýat boýunça Nobel baýragyny yglan edýän Şwed akademiýasynyň hemişelik sekretary saýlandy.

“Şwed radiosynyň” berýän maglumatyna görä, bu akademiýanyň taryhynda gürrüňi edilýän wezipä ilkinji gezek bir zenan bellenilýär.

Şeýlelikde, şu ýyl Nobel baýragyny gowşurmak boýunça geçiriljek dabarada žuriniň başlygy hökmünde Danius edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureatynyň adyny yglan eder.

53 ýaşly Sara Danius Stokgolmda dogulyp, Fransiýada bilim aldy. Şeýle-de ol Beýik Britaniýada, Birleşen Ştatlarda we Germaniýada işledi.

Şwed dilini we halk edebiýatyny öwrenýän Şwed akademiýasy 1786-njy ýylda döredildi.

1901-nji ýyldan bäri bu akademiýa Alfred Nobeliň wesýetine esaslanyp, her ýyl edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureatyny yglan edýär.

XS
SM
MD
LG