Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Partlamada ýangyn söndürijiler wepat boldy


Ukrainada güýçli partlama birnäçe ýangyn söndürijiniň ölümine sebäp boldy. Olar Kiýewiň golaýynda ýangyç saklanýan ýerde gije tutaşan ody söndürmäge synanyşypdy.

Içeri işler ministr Arsen Awakowyň 9-njy iýunda Twitterde ýazmagyna görä, partlama Kiýewden 30 kilometr uzaklykda Wasylkiw şäherçesiniň ýanynda bolupdyr.

Ol alty ýangyn söndürijiniň ýaraly keselhana eltilendigini we ýene ikisiniň ýitirim bolandygyny aýtdy.

Ýangyn içi ýangyçly bir sisternada döräp, soň beýleki sekiz sanysyna geçipdir. Halas ediji gulluklar ody söndürmek işine 300 çemesi ýangyn söndürijiniň gatnaşandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG