Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýran bilen söwdany ret edýär


Orsýetiň resmileri Eýran bilen ‘nebte derek azyk’ programmasynyň başlanjak wagty barada tiz wagtda aýdyljakdygyny 8-nji iýunda habar berdiler. Munuň öňüsyrasynda Moskwanyň bu ylalaşygy eýýäm ýerine ýetirip başlandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Bu ylalaşyk Ukrainadaky krizis sebäpli Günbataryň sanksiýalaryna sezewar bolan Moskwa Eýrandaky pozisiýalaryny berkitmäge mümkinçilik berer. Emma ykdysady sanksiýalary gowşatmak üçin Tähranyň we dünýäniň täsirli döwletleriniň arasynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyk entek ýok.

“RIA Nowosti” agentligi Orsýetiň azyk howpsuzlygy boýunça agentligine salgylanyp, Eýran bilen bugdaý söwdasynyň başlanandygyny habar berdi.

Eýranyň “Fars täzelikler agentligi” bolsa Eýranyň nebit ministrine salgylanyp, Orsýetiň Tährandan nebit importyny şu hepdede başlajakdygyny aýtdy.

Emma munuň yzýany Orsýetiň Energiýa ministrligi ylalaşygy baglaşmakdan entek irdigini aýtdy. Orsýet Eýranyň nebit söwdasynda araçy bolmak isleýär.

XS
SM
MD
LG