Sepleriň elýeterliligi

Öldürilen žurnalistler ebedileşdirildi


Newseum täzelikler muzeýinde žurnalistleriň ýadygärlik diwary, Waşington

Newseum täzelikler muzeýinde žurnalistleriň ýadygärlik diwary, Waşington

Newseum ýagny Täzelikler muzeýi 2014-nji ýylyň dowamynda iş üstünde wepat bolan 14 žurnalisti, şol sanda Owganystanda, Pakistanda we Ukrainada heläk bolan dört žurnalisti ebedileşdirildi.

Bu çäre 8-nji iýunda Waşingtonda muzeýiň ýadygärlik diwarynyň öňünde geçirildi.

Ýadygärlige goşulan žurnalistleriň arasynda “Associated Press” agentliginiň 48 habarçysy Anja Niedringhaus bar. Ol Owganystanda howpsuzlyk barlag-geçiş nokadynda wepat bolupdy.

Şeýle-de sanawa goşulanlaryň ýene biri Ukrainada ýüzi nikaply ýaragly adamlary surata düşüren wagty atylyp öldürilen 32 ýaşly Wýaçeslaw Weremiý.

Emma ebedileşdirilenleriň arasyna geçen ýylda Siriýada öldürilen 17 žurnalist goşulmady, olaryň birnäçesi “Yslam döwleti” tarapyndan köpçüligiň öňünde öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG