Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: 'YD' Yrakdan çykarylar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi (ç), Germaniýa, 8-nji iýun, 2015
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi (ç), Germaniýa, 8-nji iýun, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Yslam Döwletiniň” Yrakdan çykaryljakdygyna ynam baglady, şol bir wagtda-da ol “mekir, agressiw we opportunist” söweşijiler bilen göreşde “şowsuzlyklaryň” bolandygyny boýun aldy.

8-nji iýunda Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi bilen “Uly 7”-lik guramasynyň Germaniýadaky sammitinde geçiren duşuşygynyň yzýany eden çykyşynda Obama ABŞ-nyň Yragyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmegini we olara harby ýardam bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Bu duşuşygyň yzýany Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi, hususan-da “biz 'YD' garşy ençeme frontdan birnäçe söweş alyp barýarys. Biz 'YD' garşy göreşde birnäçe tapgyrda ýeňiş gazandyk”, diýdi.

Barak Obama Abadiniň Yragyň çägindäki ähli fraksiýalary öz içine alýan hökümeti döretmäge ýykgyn edýändigini, emma munuň üçin entek “köp işiň edilmelidigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG