Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'TürkmenÄlem 52oE' türkmen kanallaryny görkezmäge taýýar


Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” atly ilkinji telearagatnaşyk emeli hemrasy orbitada öz ornuny tutdy we türkmen döwlet telekanallaryny görkezmäge taýýar, diýip türkmen mediasy habar berdi.

Onuň telewizion we aragatnaşyk gurallarynyň ulanylmagy döwlet komissiýasynyň işiniň tamamlanmagynyň yzýany başlanar. Bu kosmiki guralda ýedi milli telekanalyň ornaşdyrylmagy ilkinji ädim bolar.

Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda türkmen emeli hemrasyny kommersiýalaşdyrmak boýunça strategik plan işlenip düzülýär.

Türkmenistan “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasyny şeýle-de tutuş Merkezi Aziýada, Eýranda, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň uly böleginde gepleşik bermek üçin ulanylyp boljakdygyny aýdýar.

Türkmen emeli hemrasy aprel aýynyň aýagynda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan uçurylypdy.

XS
SM
MD
LG