Sepleriň elýeterliligi

Yssyda nähili iýmitlenmeli?


Çagalaryň tomus lageri

Çagalaryň tomus lageri

Yssy howada adam başgaça iýmitlenmeli, sebäbi tomusda adamyň bedeninde iýmite bolan talap üýtgeýär diýip, diýetologlar aýdýarlar. Nähili iýmitlenmeli?

Suwsuzlyga ýol bermäň

Yssyda adamda suwsuzlygyň artýandygy hemmä mälim.

Muňa bedeniň suwuklygy tiz ýitirýändigi sebäp bolýar we bu-da öz gezeginde wagtly-wagtynda onuň üstüni ýetirmek zerurlygyny döredýär diýip, ”Woman’s day” neşiri ýazýar we arassa suwuň hem-de gantsyz gök çaýyň teşneligi gowy gandyrýandygyny aýdyp, yssyda her 40-50 minutda 100-200 millilitr aram sowuk suwy içmegi teklip edýär.

Suwsuzlyga garaşmaň, sebäbi bu eýýäm endamda nemsizligi, ýagny suwuň ýetmezçiligini aňladýar diýlip ”Medvoice.ru” neşirinde bellenýär we muňa ýol bermezlik üçin her ýarym sagatda ýarym stakan suw içmek maslahat berilýär.

Adamyň yssyda has köp suwuklyk içmeginiň zerurlygyny ýatladýan maglumatlarda gara çaýy, kofeni, gazly suwy we miwe suwuny içmekligi çäklendirmek teklip edilýär, şeýle-de ýürek-damar, gan basyşynyň beýikligi, semizlik we böwrek keseli ýaly näsaglyklardan ejir çekýänleriň suwuklygy seresaplylyk bilen içmelidigi duýdurylýar.

Iýmit suwuk bolmaly

Dietologlar yssyda suwuk naharlary ünsden düşürmeli däldigini, meselem, okroşkanyň, ýagny çalçorbanyň we ýagly naharlaryň adamyň bedeniniň nemliligini kadaly derejede saklaýandygyny aýdýarlar.

“Tomusda turşy-süýt önümlerini iýmek örän möhüm: olar peýdaly we tagamly” diýip, diýetolog-lukman Marina Apletaýewa gündeki iýmitiň arasynda gatyk, ýogurt ýaly önümleriň bolmalydygyny aýdýar. Dietologyň tekliplerini çap eden RBC (“Ros Bizness Konsalting”) neşiri şeýle-de ýagly önümlerden, duzdan saklanmagyň zerurlygyny ýatladýar. Sebäbi duzuň aşa bolmagy endamda suwy saklaýar.

Yssy howada iýmitlenmek üçin teklip edilýän görnüşleriň biri şeýle:

28% - ýag (2/3 ösümlik ýagy bolmaly)

55% - belok (ýarpysy ösümlik we ýarpysy haýwan belogy bolmaly)

17% - ulglewod

Gök önümiň, miwäniň ähmiýeti

Gök önümiň, miwäniň dürli görnüşleri teklip edilýär. Diýetolog Marina Apletaýewa, hususan-da, “men tomus sary, gyzyl we mämişi reňkli miweleri we gök önümleri iýmegi maslahat berýärin, sebäbi olarda beta karotin, ýagny A witamininiň bir görnüşi bar. Yssyda ol adamyň derisini günüň [güýçli] täsirinden goraýar” diýip belleýär.

Maglumatda adamynyň ösümlik iýmitlerini gündelik 30-35 gram möçberde, ýagny 500-600 gram miwe we gök önüm iýmelidigi aýdylýar.

Şol bir wagtda-da berilýän maslahatlarda olary çakdanaşa köp iýmekden hem saklanmalydygy we miwäni irden iýmegiň has peýdalydygy bellenýär.

Diýetologlaryň maslahatlarynyň ýene birinde tomusda adamynyň işdäsiniň, adatça, agşam açylýandygy, emma muňa seresaply çemeleşmelidigi sebäbi giç iýmegiň adamyň içegesine agram salmagyna we bedeniň agramynyň artmagyna sebäp bolup bilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG