Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew agzybirlige çagyrýar


Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew, etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan ganly çaknyşyklaryň bäşinji ýyl dönümine gabat, ýurduň ilatyny agzibirlige we asudalyga çagyryp çykyş etdi.

"Özbekleri penalan gyrgyz maşgalalary, gyrgyzlary penalan özbek maşgalalary iň möhüm zadyň olaryň etniki gelip çykyşy däl-de, adamkärçiligi we mertebesidigini subut etdi" diýip, Atambaýewiň 10-njy iýunda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ol, öňki prezident Kurmanbek Bakiýewi hem-de onuň «ýardamçylaryny» nazara alyp, bu çaknyşygy gurnanlaryň iru-giç jogapkärçilige çekiljegini nygtady.

2010-njy ýylyň iýunynda Oşda we Jalalabatda bolan etniki çaknyşyklarda 400-den gowrak adam öldürilip, müňlerçe adam ýaşaýan ýerinden bosupdy. Onlarça adam bolsa diri ýitipdi.

Bu çaknyşyklar Bakiýew 2010-njy ýylyň aprelinde häkimiýetden çetleşdirileninden soň bolupdy. Özalky prezident şondan bäri Belarusda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG