Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew ekstremizme garşy göreşe çagyrýar


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bütin dünýä boýunça dini ekstremizme garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy.

Nazarbaýew 10-njy iýunda Astanada, Dünýäniň esasy dinleriniň liderleriniň 5-nji kongresinde çykyş edip, «ekstremizm yslam gymmatlyklary bilen aklanylyp bilinmez» diýdi.

Şeýle-de ol, islendik syýasy gapma-garşylygyň güýç ýoly bilen çözüljek bolmagynyň kesgitli ret edilmelidigini aýdyp, ähli harby konfliktleri soňlamaga çagyrdy.

Nazarbaýew Dünýäniň esasy dinleriniň kongresini 2003-nji ýylda, Gazagystanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin döretdi.

Bu kongres dünýäniň syýasy, dini liderlerini we alymlaryny bir ýere jemleýär. Bu ýyl onuň iki günlük maslahatyna BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, ÝUNESKO-nyň baş sekretary Irina Bokowa, ÝHHG-nyň baş sekretary Lamberto Zanniýer, iordan patyşasy Abdulla II, Finlandiýanyň prezidenti Zauli Ninisto dagy hem gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG