Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat, bombalar 28 adamy öldürdi


Resmiler Bagdatda we onuň töwereginde bolan partlamalaryň 9-njy iýunda 28 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Polisiýa gündogar Bagdatda, Palestina köçesinde, restoranlaryň we dükanlaryň golaýynda partladylan ulag bombasynyň 10 adamy, şol sanda üç aýaly öldürendigini, 24 adamy bolsa ýaralandygyny aýtdy.

Bagdadyň günbatar çetinde bolsa, harby eşik geýen üç jeňçi ýerli hökümet edarasyna baryp, azyndan sekiz adamy öldürdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» topary öz üstüne aldy. Hüjümçileriň biri binanyň içinde özüni partlatdy, beýleki ikisi özülerini partlatmazlaryndan öň atylyp öldürildi.

Bu hüjümde ölenlerden başga 17 adam ýaralandy. Ýol ýakasynda gömlen bomba hem dört adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG