Sepleriň elýeterliligi

BMG Özbegistana basyş etmäge çagyrylýar


Halkara Günä geçiş guramasy BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muny 12-nji iýunda Özbegistana edýän sapary mahalynda ýurt ýolbaşçylarynyň öňünde adam hukuklary meselesini goýmaga çagyrýar.

Düýbi Londanda ýerleşýän guramanyň 9-njy iýunda ýaýradan beýanatynda Ban Ki-munyň BMG-niň ozalky eden çagyryşlaryny «berk ýanjamagy», Daşkendiň halkara borçnamalaryny hormatlamagyny, BMG-niň adam hukuklary ekspertleriniň ýurda barmagyna rugsat berilmegini talap etmegi soralýar.

Günä geçiş guramasy özbek häkimiýetleriniň adam gynalmagynyň soňuna çykmak, hökümet eglişigi astynda amala aşyrylýan beýleki hukuk bozulmalaryny soňlamak üçin derhal reforma geçirilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG