Sepleriň elýeterliligi

AI Bakuwa barmasyz edildi


Halkara Günä geçiş guramasy 9-njy iýunda Azerbaýjanyň hökümetiniň özüni Bakuwa barmasyz edendigini aýtdy.

Bu topar ol ýerde Ýewropa oýunlarynyň öňünden adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy protest geçirmegi planlaşdyrýardy.

Hökümet 12-28-nji iýun aralygynda geçýän oýunlar sowulýança öz delegatlarynyň kabul edilmejegini aýdanyndan soň, Günä geçiş guramasy protest planlaryny goýbolsun etmäge mejbur boldy.

Bu topar «Azerbaýjan: Repressiýa oýunlary. Siziň ilkinji Ýewropa oýunlarynda eşitmejek sesleriňiz» atly ýygnanyşyk geçirmegi niýet edinipdi.

Amnesti Interneşnl bu çäre arkaly Azerbaýjanyň žurnalistleri, oppozisiýa agzalaryny, aktiwistleri basyp ýatyryşyna üns çekmekçi bolupdy.

XS
SM
MD
LG