Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti bütewülige çagyrýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew raýatlary sylaglaýar, Bişkek, 10-njy iýun, 2015
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew raýatlary sylaglaýar, Bişkek, 10-njy iýun, 2015

Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň raýatlaryny bütewüligi we parahatçylygy saklamaga çagyrdy. Bu çagyryş Gyrgyzystanyň ýurduň günortasynda bäş ýyl mundan öň etnik gyrgyzlaryň we özbekleriň arasynda bolan gandöküşikli çaknyşyklaryň ýyl dönümini belleýän senesinde edildi.

10-njy iýundaky beýannamasynda Atambaýew “özbekleri halas eden gyrgyz maşgalalary we gyrgyzlary halas eden özbek maşgalalary ozleriniň etnik degişliliginden adamkärçiligiň we mertebäniň has möhümdigini tassykladylar” diýdi.

Atambaýew Bişkekde geçirilen dabarada “Bizden başga hiç kim Gyrgyzystanda parahatçylygy we abadançylygy saklap bilmez” diýip, “ýurduň we halkyň bütewüligi her bir öýden, her bir köçeden, her bir obadan we her bir şäherden başlanýandygyny” nygtady.

Oşdaky gandöküşiklik

2010-njy ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad şäherinde bolan etniki çaknyşyklaryň dowamynda 400-den gowrak adam, esasan özbekler, öldürildi we onlarça müň adam öz öýlerinden göçmäge mejbur boldular. Onlarça adam ýitirim boldy.

Atambaýew zorluklaryň “guramaçylary” “iru-giç jogapkärçilige çekilerler” diýip, ozalkylary ýaly, bu gandöküşikli wakalarda öňki prezident Kurmanbek Bakyýewi we onuň “ýaranlaryny” aýyplady.

Oşdaky gandöküşiklik 2010-njy ýylyň aprel aýynda bolan protestleriň netijesinde Bakyýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginiň yz ýany döräpdi. Bu ýagdaý 5.6 million ilatly garyp Gyrgyzystanyň zorlukly bulam-bujarlyga batmagy bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendiripdi. Şol döwürde Gyrgyzystan ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky üpjünçiliginiň möhüm ýoly bolupdy.

Bakyýew syýasy taýdan durnuksyz bu postsowet ýurdunyň häkimiýet başyna protestleriň dowamynda 2005-nji ýylda geçipdi. Bakyýew döwlet başyndan çetleşdirilenden soň Belarusa gaçyp çykdy we özüniň käbir maşgala agzalary bilen şol ýerde ýaşaýar.

Bişkekdäki dabarada Atambaýew 2010-njy ýylyň konfliktinde başga milletleriň wekillerini goran we halas eden onlarça adama prezidentiň sowgady hökmünde sagat gowşurdy.

Atambaýew milletçi aktiwistleri tankyt etdi we olary “galp watançylar” diýip atlandyrdy.

Ýurduň günortasynda köpçülik bolup ýaşaýan etnik özbekler Gyrgyzystanyň ilatynyň 14%-ini düzýärler, orslar hem ýurduň etnik azlyklarynyň uly toparyny emele getirýärler.

ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda çap bolan beýannamada Gyrgyzystany bütewülige, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge, jynsy we dini hukuklary gorap saklamaga çagyrdy.

Şu günler Merkezi Aziýa sapar edýän BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moonyň 10-11-nji iýunda Gyrgyzystana barmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG