Sepleriň elýeterliligi

“Galaxy S6 Active” köpçülige görkezildi


"Galaxy S6" mobil telefony.

"Galaxy S6" mobil telefony.

“Samsung” kompaniýasy Birleşen Ştatlardaky müşderileri üçin “Galaxy S6” mobil telefonynyň has berk görnüşindäki modelini – “Galaxy S6 Active”-i hödürledi.

“Samsung”-yň bu täze mobil telefonynyň aýratynlyklary “Galaxy S6” kysymly mobil telefonyňky bilen meňzeşdir.

“Galaxy S6 Active” mobil telefony “Exynos 7420” atly operasion sistema bilen işleýär.

Onuň 3 GB RAM-y we 32 GB ýady bar.

“Galaxy S6 Active” 5,1 dýuýmluk 2560×1440 piksel ekrana eýe bolup, onuň esasy kamerasy 16 megapiksel, öňdäki kamerasy 5 megapikseldir.

“Samsung” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, bu mobil telefon 1,5 metr çuňluga çenli aralykda 30 minuda çenli suw geçirmeýär. Onuň “Galaxy 6”-dan esasy tapawudy “3500 mAh”-lyk batareýasydyr.

12-nji iýunda Birleşen Ştatlarda “Galaxy S6 Active” mobil telefonynyň ak, gök we çal reňkleri satuwa çykarylýar.

XS
SM
MD
LG