Sepleriň elýeterliligi

Nobel laureaty işden çekildi


Nobel baýragynyň eýesi bolan alym britan uniwersitetindäki hormatly professor wezipesinden ylymdaky aýallar barada aýdan sözleri üçin işden çekildi.

Londanyň Uniwersitet kolleži 10-njy iýunda Tim Nantyň işden çekilendigini aýtdy. Ol 2001-nji ýylda öýjükleriň bölünişi baradaky işi üçin medisina boýunça bilelikde berlen baýraga mynasyp boldy.

Londonyň uniwersitet kolležiniň beýanatynda bu okuw jaýynyň ilkinji bolup aýal we erkek alymlara deň şertleri hödürländigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Hant 9-njy iýunda Günorta Koreýada guralan konferensiýada şeýle diýipdir: «Laborotoriýada [gyzlar] bolanda üç zat bolýar: Sen olara aşyk bolýarsyň, olara saňa aşyk bolýar, haçanda sen olary tankytlaňda, olar aglaýar.

Ol biraz soň BBC-ä kimiň göwnüne degen bolsa, ötünç soraýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG