Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýak ministrleri işden çekildi


Polşanyň premýer-ministri Iwa Kopaç öz üç ministriniň we parlament spikeriniň işden çekilendigini aýtdy.

Olar 2014-nji ýyldaky ses ýazyş galmagalyna, ýagny hökümet agzalarynyň gürrüňleriniň gizlin ýazgy edilmegine gaýtadan seredilmegi esasynda çekilipdir.

Iwa Kopaç 10-njy iýundaky beýanatynda parlament spikeriniň, saglyk, sport we gazna ministrleriniň işden çekilmek baradaky arzalaryny kabul edip-etmejegini aýtmady.

Bu dört resminiň 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Warşawanyň restoranlarynda bolan hususy duşuşyklarynda eden gürrüňleri gizlin ýazgy edilipdir. Olaryň sesiniň bikanun ýazylmagy bilen bagly derňew dowam edýär.

XS
SM
MD
LG