Sepleriň elýeterliligi

Sawçenkonyň tussaglygy uzaldyldy


Orsýetiň sudy ukrain piloty we parlament agzasy Nadia Sawçenkonyň deslapky tussaghanada saklanmak möhletini 10-njy sentýabra çenli uzaltmaly etdi.

Rus habar gulluklary Moskwanyň bu karary 10-njy iýunda çykarandygyny ýazýar. 34 ýaşyndaky Sawçenko 2014-nji ýylyň iýulyndan bäri rus tussaghanasynda saklanýar.

Ol özüniň gündogar Ukrainadaky separatistler tarapyndan alnyp gaçylyp, Orsýete bikanun getirilendigini aýdýar. Ol ukrain konfliktinde ölen iki rus žurnalistiniň ölümi bilen ilteşiklilikde, şeýle-de serhetden bikanun geçmekde aýyplanýar.

Sawçenko bu aýyplamalary ret edýär we Orsýetiň özüni tussaglykda saklamaga hakynyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG