Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemilowyň ogly 5 ýyl aldy


Rus sudy 10-njy iýunda tanymal krym tatar lideriniň ogluny 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi we aklawçysy munuň bikanundygyny aýdýar.

Krym tatar lideri Mustafa Jemilewiň ogly Kaýser Jemilew 2013-nji ýylyň maýynda, ukrain häkimiýetleri tarapyndan, öz dostunyň atylyp öldürilmegi bilen ilteşikli tussag edildi.

Kaýser Jemilew öz dostuny atdanlykda tüpeňländigini aýtdy. 2014-nji ýylyň martynda Krym Orsýet tarapyndan anneksiýa edileninden soň, Moskwa tarapyndan goldanylýan häkimiýetler bu işe gaýtadan seredip, Kaýser Jemilewi günorta Orsýetdäki Krasnodara geçirdiler.

Mustafa Jemilew Orsýeti öz ogluny zamun edip saklamakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG