Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Müsür türgenleşýär


Orsýet bilen Müsür Ortaýer deňzinde özleriniň bilelikde gurnan ilkinji harby-deňiz maşklaryny geçirýär.

Orsýetiň Goranmak ministrligi «Dostluk köprüsi – 2015” atlandyrylan türgenleşigiň aktiw fazasynyň 10-njy iýunda, Müsüriň Aleksandriýa portundan başlanandygyny aýtdy.

Bu türgenleşige Orsýetiň birnäçe harby gämisi, şol sanda raketa kreýseri gatnaşýar.

Iki ýurduň bilelikdäki harby türgenleşikleri 14-nji iýuna çenli dowam eder. Orsýet şuňa çalymdaş harby tälimi maý aýynda Hytaý bilen hem geçirdi.

XS
SM
MD
LG