Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: ulag bombasy 6 adamy öldürdi


Yrak resmileri 10-njy iýunda paýtagt Bagdatda, polisiýanyň barlag nokadynda ýarylan ulag bombasynyň 6 adamy öldürendigini aýdýar.

Adyny aýtmazlygy soran polis resmisiniň gürrüň bermegine, görä, partlaýjy goýlan maşynly sürüji Bagdadyň demirgazyk etraby Şullada bir barlag nokadyna gelip urup, üç polisiýa ofiserini we üç asuda adamy öldüripdir.

Resmiler bu hadysada, ölenlerden başga, 15 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG