Sepleriň elýeterliligi

Obama Yrakdaky ABŞ harbylaryny köpeltdi


Ak tam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Yragyň Anbar welaýatyna goşmaça 450 harby işgäri ibermekligi tassyklandygyny aýdýar.

Ol harbylar «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşýänlere tälim bererler.

Ak tamyň beýanatynda prezident Obamanyň yrak goşunlaryna, şol sanda Yrak komandowaniýesi astynda söweşýän peşmerge güýçlerine, tire söweşijilerine zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň derhal ýetirilmegini buýrandygy aýdylýar.

Ak tam Obamanyň bu karara Yragyň premýer-ministri Haýder al-Abadiniň haýyşy we Pentagon resmileriniň maslahaty esasynda gelendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG