Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Jeňçileriň köpelmegi maslahatlaşyldy


ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň başlygy Respublikan senator Kris Smith
ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň başlygy Respublikan senator Kris Smith

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk komissiýasy, şeýle-de ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasy diýlip tanalýan komissiýa “Yslam döwleti” toparynyň Merkezi Aziýada daşary ýurtly söweşijileri hakyna tutmagyna degişli 10-njy iýunda diňlenişik geçirdi.

Respublikan senator Kris Smithiň (Chris Smith) ýolbaşçylygyndaky bu komissiýanyň resmi maglumatyna görä, diňlenişikde kanun çykaryjylar Merkezi Aziýanyň näme sebäpden “Yslam döwleti” atly radikal topar üçin daşary ýurtly söweşijileriň bol çeşmesine öwrülendigi baradaky sorag boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de bu diňlenişikde ABŞ-nyň Merkezi Aziýada esktremizme garşy göreşe we regionyň ýaşaýjylarynyň, şol sanda ýaşlaryň daşary ýurtlardaky radikal guramalara goşulyşmagynyň öňüni almak boýunça tagallalary netijeli goldamagyny nädip ýaýabaňlandyrmalydygy maslahat edildi.

“Halkara Krizis Toparynyň” maglumatyna görä, 4 müň çemesi daşary ýurtly söweşiji Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan barypdyr. Diňe bir geçen hepdede biz Täjigistanyň terrorizme garşy programmasynyň – biziň hökümetimiz tarapyndan ýokary derejede taýýarlanan adamyň – öz wezipesini terk edip, “Yslam döwletine” goşulandygyny bilip galdyk diýip, senator Smith bu diňlenişikde aýtdy.

“Bu terrorçylyga ýykgyn edýän erkek we aýal adamlary Ýakyn Gündogara meýletin syýahat etmekden saklamak tagallalar babatynda näme aňladýar?” diýip, Smith, şeýle-de “biziň hökümetimiz beýlekiler we ÝHHG ýaly guramalar bilen işleşende, öz serhetlerimizde radikallaşma garşy göreşde has berk herekete geçmeli, şeýle-de daşary ýurtly söweşijileriň dolanyp jyhady we zorlugy öz öýlerine getirmejegine kepil geçmeli” diýdi.

Helsinki Komissiýasy 57 ýurtda Helsinki ylalaşygynyň berjaý edilişine syn edýär we adam hukuklary, demokratiýa, ykdysady, ekologiýa hem-de harby hyzmatdaşlyk arkaly köptaraplaýyn howpsuzlygy öňe sürýär.

Komissiýanyň 10-njy iýunda geçiren diňlenişiginde çykyş edenleriň Merkezi Aziýanyň raýatlarynyň radikallaşmagynyň faktorlaryna üns berendikleri, şeýle-de daşary ýurtly söweşijileriň hakyna tutulmagyna garşy milli we halkara derejelerde edilýän tagallalar boýunça goşmaça teklipleriň edilendigi resmi maglumatda habar berildi.

“Merkezi Aziýa ýurtlary we dünýäniň ýurtlary Siriýada we Yrakda daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň howpy meselesinde oýanmaly” diýip, Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Daniel N.Rosenblum ABŞ-nyň bu meselede halkara institutlary, regional toparlar we milli hökümetler bilen işleşmegi dowam etdirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy. Rosenblum “ynamly statistika bolmasa-da barlaglar Siriýada we Yrakda söweşýän merkezi aziýaly söweşijileriň aglaba böleginiň öz ýurtlarynyň daşynda, esasan Orsýetde hakyna tutulýandygyny görkezýär” diýdi.

Helsinki komissiýasynyň maslahatynda ”Halkara Krizis Toparynyň” müdiriniň orunbasary Jennifer Leonard Merkezi Aziýa hökümetleriniň jyhadizmiň regionda döredýän uzak möhletleýin howpuny nazara alyp, demokratiýa ýol açmak, kemsidiji kanunlary we syýasaty ýatyrmak ýaly düýpli çäreleri amala aşyrmalydygyny belledi.

ABŞ-nyň Federal hökümetiniň garaşsyz edarasy bolan Helsinki Komissiýasy diýlip tanalýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk boýunça komissiýasy Helsinki ylalaşygynyň we ÝHHG-niň beýleki borçnamalarynyň berjaý edilişine syn etmek maksady bilen 1976-njy ýylda döredilipdi. Ol hiç bir partiýa degişli bolmadyk edara bolup, onuň düzümine ABŞ-nyň senatyndan 9 agza, Wekiller öýünden 9 adam we döwlet, goranmak we söwda departamentleriniň hersinden bir agzadan girýärler.

XS
SM
MD
LG