Sepleriň elýeterliligi

Baku: Tussaglykdaky žurnalist çagyryş edýär


Hadyja Ismaýilowa

Hadyja Ismaýilowa

Azerbaýjanda tussaglykda saklanýan žurnalist Hadyja Ismaýilowa ilkinji gezek Ýewropa oýunlaryny geçirýän ýurdunyň “adam hukuklary krizisiniň orta arasyndadygyny” aýdýar.

12-nji iýunda “New York Times” gazetinde çap edilen hatynda AÝ/AR-nyň habarçysy Ismaýilowa Azerbaýjanyň hökümetine ýurtda adam hukuklarynyň depelenmeginden ünsi sowmaga ýol bermezlige halkara jemgyýetçiligini çagyrdy.

Alty aý bäri suda garaşyp, tussaglykda saklanýan Ismaýilowanyň tarapdarlary oňa garşy işiň gozgalmagyna žurnalistiň prezident Ilham Aliýewiň režiminiň korrupsiýa baş goşmagy baradaky derňew maglumatlarynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Ismaýilowa hatynda Bakunyň öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa oýunlaryny geçirýärkä žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara we beýleki aktiwistlere gysyş görkezilýändigini belledi. Ol ýurtdaky syýasy tussaglary boşatmak üçin halkara jemgyýetçiligini Aliýewe basyş etmäge ündedi.

XS
SM
MD
LG