Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl oglanlar ýalňyş öldürildi diýýär


Palestinaly oglanjyk, Gaza şäheri, 2015.

Palestinaly oglanjyk, Gaza şäheri, 2015.

Ysraýylyň harbylary 2014-nji ýylda “Hamas” toparyna garşy urşuň dowamynda Gazada kenara edilen howa zarbasynda dört palestin oglanyň öldürilmeginiň ýalňyşlyk sebäpli bolan wakadygyny aýtdy.

Ysraýylyň harbylarynyň metbugat-wekiliniň 12-nji iýunda aýtmagyna görä, Ysraýylyň söweş uçarlary olary ýaragly adamlar öýdüp, oka tutandygyny aýtdy we bu waka boýunça derňewleriň ýapylandygyny habar berdi.

16-njy iýulda bolan bu hüjüme ençeme daşary ýurtly habarçy şaýat bolupdy. Şaýatlar oglanlaryň şol wagtda futbol oýnap ýörendigini gürrüň berdiler.

Ysraýyl raýatlaryň heläk bolmagynyň öňüni almaga çaylaşandygyny aýtdy we “Hamasy” ýaşaýyş zolaklarynda hereket etmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG