Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Özbegistanly “YD” gatnaşykda aýyplanýar


Özbegistanyň raýaty “Yslam döwletine” söweşiji bolmak üçin ABŞ-da adamlary hakyna tutmak işine baş goşmakda güman edilip, 11-nji iýunda Nýu Ýorkda suda çekilen bäşinji adam boldy.

29 ýaşly Akmal Zakirow terrorçy guramany maddy taýdan goldamak boýunça Brooklyn sudunda özüne garşy öňe sürlen aýyplamalary ret etdi.

Zakirowyň işleri ozal diňlenen beýleki günälenýän dört adam bilen bilelikde 16-njy iýynda sudda peýda bolmagyna garaşylýar. Olardan üçüsi Abdurasul Juraboew, Dilkhaýot Kasimow we Abror Habibow Özbegistanyň raýatlary we Akhror Saidahmetow Gazagystanyň raýaty.

Prokurorlar Saidahmetowyň we Juraboewiň Siriýa baryp “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşmegi planlaşdyrandygyny, Zakirowyň we Habibowyň olary öz hasabyna pul bilen üpjün etmegi maslahatlaşandygyny aýydýarlar. Zakorow günäli tapylsa öňa 30 ýyllyk türme tussaglygy garaşýar.

XS
SM
MD
LG