Sepleriň elýeterliligi

“Save the Children” Pakistandan çykarylýar


Pakistan “Save the Children” ýagny “Çagalary halas ediň” atly guramanyň ýurdy terk etmegi barada 11-nji iýunda karar çykardy.

Ol bu ynsanperwer guramasyny Pakistana garşy herekete etmekde aýyplady. Polisiýa guramanyň Yslamabatdaky edara jaýyny dökdi we onuň ýurdy terk etmegine 15 gün berdi.

“Save the Children” guramasy özüne öňünden hiç hili duýduryşyň berilmändigini aýdyp, pakistan resmileriniň kararyna “berk garşy çykdy”.

Pakistan mundan ozal bu guramany ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentliginiň Osama Bin Ladeni yzarlap tapmak üçin ulanan galp waksina programmasyny geçirmekde aýyplapdy. Gurama bu aýyplamalary ret etdi.

Pakistanyň resmileri guramanyň ýurtda işlemegi üçin wagtlaýyn rugsatnamanyň 15-nji maýda tamamlanandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG