Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku oýunlarynda elhenç hadysa boldy


Bakuwda awtobus awstrialy ýüzüjileri kakdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Bakuwda awtobus awstrialy ýüzüjileri kakdy

Bakuwda geçýän Ýewropa oýunlarynyň öň ýanynda bir awtobusyň Awstriýadan bäsleşige gatnaşmaga gelen ýetginjekleri kakyp geçişini görkezýän wideoýazgy peýda boldy.

Hemmesi 15 ýaşyndaky sinhronizlenen ýüzüjiler 11-nji iýunda atletler obasynda bir ýanýoldan ýöräp barýarkalar bir awtobus gelip, olaryň üstünden sürdi we birnäçesini öz aşagyna düýrdi.

Bu aýylganç görnüş wideokamera düşdi.

Bu hadysa Ýewropanyň Pan-Amerikan oýunlary, Aziýa oýunlary ýaly kontinental oýunlara jogap hökmünde gurnan ilkinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabaralarynyň öň ýanyna gabat geldi.

Azerbaýjanda bu wideony internet arkaly görmek kynlaşdyryldy, ýagny köp saýtlarda onuň ýoly baglandy ýa-da ol öçürilip aýryldy. Emma ony YouTube arkaly henizem görüp bolýar.

Awstriýanyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Peter Mennel "Biz bu hadysa haýran galdyk we zerur bolan ähli çäräni gördük» diýdi.

Baku häkimiýetleri häzir bu hadysa boýunça derňew geçirýärler, hadysanyň pidalary - Wanessa Sahinowiç çynlakaý ýaralandy, Luna Pajeriň bolsa eli ýaralandy. Olaryň ikisi hem Wena, bejergi almaga ugradyldy. Werena Breit bolsa budundaky ýeňil ýara bilen öz toparyna gaýtadan goşuldy.

"Gynansak-da, Wanessa Sahinowiç çynlakaý ýaralandy, ol birnäçe ýeriniň döwlüp-enjilmegi bilen bir topar ýara aldy» diýip, Awstriýanyň sport toparynyň doktory Alfred Engeliň beýanatynda aýdylýar.

Awstriýanyň Olimpiýa komiteti bu betbagtçylygyň öz toparlaryna agyr zarba urandygyny aýtdy.

"Bu örän we örän gaýgyly gün» diýip, AOK prezidenti Karl Stoss aýtdy. "Bu toparymyz üçin agyr gün. Bu pursatda sport motiwleri we maksatlary möhüm däl."

Bu hadysa german dilli metbugatda atletlere bolan ullakan duýgudaşlyk döretdi.

"Iniňi düýrükdiriji hadysa olary Olimpiýa arzuwlaryndan goparyp aýyrdy» diýip, «Abendzeitung» gazeti ýazdy.

Bu sport çäresi 28-nji iýuna çenli dowam eder. Onda 50 ýurtdan 6 müň çemesi atletiň ýaryşmagyna garaşylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG