Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan HAG-lara basyşy giňeldýär


Pakistanyň içeri işler ministri 12-nji iýunda hökümetiň «Çagalary gora” atly gurama kowlup çykarylanyndan bir gün soň daşary ýurt kömek toparlarynyň has köpüsini çykaryp kowmaga taýýardygyny aýtdy.

"[Hökümetden aýry guramalaryň köpüsi] Pakistana garşy işleýär we biz olary parlamentde paş etmekçi bolýarys» diýip, Çauwdhri Nisar Ali Han Yslamabatda žurnalistlere aýtdy.

«Ýurduň milli bähbitlerine garşy işleýän» HAG-lara «Pakistandaky işlerini dowam etdirmäge rugsat berilmez» diýip, ol aýtdy.

Pakistan, global raýat jemgyýeti guramalary ýaranlygynyň maglumatyna görä, 2014-nji ýylyň dekabrynda ýerli kömek toparlarynyň 3 müň sanysyny gaýtadan hasaba aldy.

Parlamentiň daşary ýurt ýardamyny düzgünleşdirmek baradaky kanun taslamasy Pakistanda işläp, daşary ýurtdan maliýe kömegini alýan jemgyýetçilik guramalarynyň ýoluny baglamagyny aňsatlaşdyrar.

Han "pozitiw" iş edýän sahawatçylyk guramalarynyň alada galmaly däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG