Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda Ýewropa oýunlary açyldy


Azerbaýjandaky Ýewropa oýunlary, ýurduň adam hukuklary ýagdaýynyň tankytlanmagynyň arasynda, ullakan dabara bilen açyldy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 12 inji iýunda Bakuwyň täze Olimpiýa stadionyna toplanan 68 müň çemesi tomaşaçynyň, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putiniň, 6 müňe golaý atletiň öňüne çykyp, oýunlary açdy.

Açylyş dabaray ermeni delegasiýasynyň märeke tarapyndan gygyrylyp, gödek garşylanmagy, Hanym Gaganyň Jon Lennonyň dünýä parahatçylygy baradaky aýdymyny ýerine ýetirmegi bilen utgaşdy.

Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabaralary halkara hukuk toparlarynyň we metbugat guramalarynyň Azerbaýjanyň hökümetini başga pikirlileri basyp ýatyrmakda, onlarça aktiwsti, aklawçyny we žurnalisti türmä basmakda tankytlamagy bilen hem utgaşdy.

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy Ýewropa oýunlary post-sowet zamanynda görülmedik hökümet repressiýasynyň atmosferasynda geçýär diýdi. Bu oýunlara barmak islän daşary ýurt žurnalistleriniň we aktiwistleriniň birnäçesi gadaganlyga salyndy.

Azerbaýjanyň hökümeti bu oýunlaryň abraýyny gaçyrmak üçin metbugat kampaniýasynyň guralýandygyny aýdýar we oňa «Gardian» gazetiniň we BBC-niň hem girýändigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG