Sepleriň elýeterliligi

Lee üçin kitap dükanlary gijäň ýary açylar


Amerikan ýazyjysy Harper Lee.

Amerikan ýazyjysy Harper Lee.

"Adam aldaýan guşy öldürmek" (“To Kill a Mockingbird”) atly meşhur romany ýazan Harper Lee aradan uzak wagt geçensoň täze roman ýazdy.

Ýazyjynyň “Go Set a Watchman” (Sözme-söz terjime: "Git sakçy goý") diýlip atlandyrylýan täze romany 13-nji iýulda satuwa çykarylýar. Bu waka mynasybetli dünýäniň kitap dükanlarynyň ençemesi gijäniň ýary öz gapylaryny müşderilerine açýar.

Angliýanyň kitap dükanlarynyň biri “Waterstones” bolsa, bu waka mynasybetli gijäň ýary festiwal geçirer. Tanymal kitap biznesmenleriniň biri James Daunt Harper Leeniň täze kitabynyň satuwa çykmagyny "örän tolgundyryjy waka" diýip atlandyrdy.

"Men dükany gijäň ýary açaryn. Sebäbi bu kitap şeýle ünse mynasypdyr. Durmuşymda örän seýrek günlerde gijäň ýary dükan açypdym. Bir gezek 1988-nji ýylda Markesiň "Çuma keseli günlerinde söýgi" atly kitaby çykanda, soňra mundan 10 ýyl öň J.K.Rowling üçin, indi 2015-nji ýyda bolsa Harper Lee üçin gijäň ýary dükan açýaryn" diýip, Daunt belledi.

Şol bir wagtyň özünde kitap dükanlarynda 1962-nji ýylda "Adam aldaýan guşy öldürmek" atly romanyň esasynda surata düşürilen film hem görkeziler.

Amerikan ýazyjysy Harper Lee 1960-njy ýyllarda "Pulitzer" baýragyna mynasyp bolan “To Kill a Mockingbird” atly kitaby bilen dünýä meşhur boldy.

XS
SM
MD
LG