Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýet açyk ýurt diýýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýet gününiň dabarasynda öz ýurduny demokratik, açyk we garaşsyz ýurt diýip taryplady.

Putin 12-nji iýunda, Orsýetiň özbaşdaklygyny kabul eden gününde Moskwada, ylymda we tehnikada, edebiýatda we sungatda, ynsanperwerlik işinde gazanylan üstünlikler üçin döwlet sylaglaryny gowşuranda çykyp gürledi.

Putin Orsýetiň soňky 25 ýylda, modern, açyk we garaşsyz ýurt hökmünde, demokratiýa we bazar ykdysadyýetine tarap üstünlikli böwsüş edendigini aýtdy.

Putin daşary ýurtlar tarapyndan mediany, oppozisiýany we başga pikirlileri kontrollukda saklamakda, aşa milletçilik ideýalaryny we goranyş watançylygyny wagyz etmekde tankytlanýar.

XS
SM
MD
LG