Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook 'Messenger'-e birinji oýun geldi


"Doodle Draw" oýuny.
"Doodle Draw" oýuny.

Geçen ýyl Facebook kompaniýasy "Messenger" programmasyna dürli oýunlary girizjekdigini mälim edipdi.

Häzirki wagtda "Facebook Messenger" programmasy üçin ilkinji oýun köpçülige hödürlendi. Bu oýun "Doodle Draw" diýlip atlandyrylýar.

Oýunda ulanyjydan gyzykly suratlary çekmeklik soralýar. Soňra bu surat "Messenger" programmasy arkaly dostuňa ugradylýar. Ulanyjynyň dosty hem bu çekilen suratyň nämedigini bilmäge synanyşýar.

Eger-de, ulanyjynyň dosty çekilen suratyň nämedigini bilse, onda suraty çeken ulanyjy kesgitlenen täze ballara mynasyp bolýar. Bu ballar hem ulanyjynyň has gowy suratlary çekip bilmegi üçin täze reňkleri, abzallary satyn almaga mümkinçilik döredýär.

Facebook kompaniýasynyň bu oýunyndan "Android" we "iOS" platformaly tehnologik enjamlary bar bolan ulanyjylar peýdalanyp bilerler.

XS
SM
MD
LG