Sepleriň elýeterliligi

Helmandda 17 polis öldürildi


Owgan resmileri jeňçiler Helmand welaýatynda barlag nokadyna çozanlarynda azyndan 17 polis ofiseriniň öldürilendigini aýdýarlar.

Bu waka 12-nji iýunda, Masakala etrabynda bolupdyr. Azyndan 10 ofiser hem ýaralanypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligi «Talyban» öz üstüne aldy, resmiler hüjümçileriň hem ýitgi çekendigini aýdýarlar.

NATO-nyň maglumatlaryna görä, bu ýurtda 1-nji ýanwar bilen 7-nji maý aralygynda 2300-den gowrak harby gullukçy we polisiýa işgäri öldürildi.

XS
SM
MD
LG