Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-mun Berdimuhamedow bilen duşuşýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun 13-nji iýunda Aşgabatda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, bu habary türkmen metbugaty 12-nji iýunda ýaýratdy.

TDH Ban Ki-munuň türkmen lideri bilen Aşgabatda 2010-njy ýylyň aprelinde hem duşuşandygyny ýazýar.

Häzirki sapar halkara jemgyýetçiliginiň garaşsyz we bitarap, Merkezi Aziýa regionynda roly ýokarlanýan Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň görnetin ykrar edilmegidir diýip, resmi habarda aýdylýar.

Halkara hukuk toparlary bu saparyň öňünden Ban Ki-muny Türkmenistanda adam hukuklary, metbugat we informasiýa almak azatlygy meselesini gozgamaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG