Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Hukugy çäklendirmek zorluga eltýär


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun

"Azatlyklary çäklendirmek gysga möhletlerde durnuklylyk illýuziýasyny döredip biler" diýip, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Aşgabatda, türkmen studentleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy diýip, BMG-niň Radiosy habar berýär.

Ban Ki-mun "adam hukuklarynyň käbir aspektleriniň ýarmazlaşandygy, demokratik meýdanyň daralandygy baradaky aladalary" eşidendigini aýtdy.

Şeýle-de ol "ýagdaýlaryň daşyndan seredeniňde asuda, kadaly hem görnüp biljekdigini, emma pikir, söz aýtmak gadaganlygynyň içki nägilelikleri çuňlaşdyryp, ekstremist meýilleriniň döremegine esas bolmagynyň ähtimaldygyny" duýdurdy.

Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna edýän saparynyň soňky duralgasy boldy.

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni ýokary derejeli myhmanyň hormatyna agşam naharyny berendigini, Baş sekretaryň Aşgabada saparynyň onuň doglan gününe gabat gelendigini ýazýar.

"Roýters" habar gullugynyň habarçysy Marat Gurduň Aşgabatdan ýazmagyna görä, Ban Ki-mun Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşykda garaşsyz synçylaryň tussaglaryň saklanylýan ýerlerine baryp görmeklerine rugsat berilmelidigini aýdypdyr.

Tussaglar meselesi

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän «Human Rights Watch» guramasy Türkmenistanda onlarça tussagyň, şol sanda öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň türmede ýitirim bolandygyny aýdýar.

Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasynyň alyp barýan "Olary diri görkez" kampaniýasy öňki prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň köpüsi barada on ýyldan gowrak bäri hiç bir maglumatyň berilmeýändigini aýdýar.

Baş sekretar regionda soňky bäş ýylda bolan özgerişleriň özünde uly täsir galdyrandygyny nygtady, emma onuň pikirine görä, ösüş we parahatçylyk gönüden-göni adam hukuklaryna hormat goýulmagyna bagly diýip, BMG-niň Radiosynyň websaýtynda aýdylýar.

Demokratiýa we metbugat azatlygy

Şeýle-de Baş sekretar ýaşlara Merkezi Aziýada demokrtiýanyň mümkindigini düşündirmek möhüm diýipdir. Ol durnukly gelejege barýan ýoluň kanunyň hökmürowanlygyny berkitmegiň, korrupsiýa bilen göreşiň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygyny we sud edaralarynyň garaşsyzlygyny üpjün etmegiň üstünden geçýändigini nygtapdyr.

Ban Ki-mun türkmen prezidenti bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda hökümetiň adam hukuklary boýunça ombudsmeniň edarasyny döretmek kararyny, häkimiýetleriň Adam gynalmagyna garşy konwensiýanyň fakultatiw protokolyny tassyklamak niýetini we Metbugat hakyndaky kanunyň kabul edilmegini gutlady.

Şeýle-de Baş sekretar döwlet baştunanyny Türkmenistanyň bitaraplyk durumyny jar etmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady, klimat özgermesine garşy göreşiň Milli programmasynyň kabul edilmegi, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek planlary bilen mübärekledi.

Ban Ki-mun Aşgabada saparynyň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy merkezine baryp gördi. Onuň pikirine görä, bu merkez regionda serhetaşa suw resurslary meselesini çözmek, terrorizme garşy göreşmek ýaly ugurlarda dialogyň we hyzmatdaşlygyň gurulmagyna ýardam edýär.

Türkmen mediasy BMG-niň başlygynyň türkmen parlamentine hem baryp görendigini ýazýar, adam hukuklary, azatlyklar barada edilen gürrüňler barada suwytly maglumat bermeýär.

"Roýtersiň" habarçysy Marat Gurduň ýazmagyna görä, Ban Ki-mun Aşgabatda «adam hukuklaryny hormatlamagyň, hasabat beriş institutlaryny gurmagyň, syýasy gatnaşygy ilerletmegiň, hemmeler üçin mümkinçilik döretmegiň başa barmazlygy boşluklary döredýär» diýipdir.

"Boşluklar näçe uly boldugyça, zorlukly ekstremistler üçin giňişlik hem şonça kän bolýar. Men regionda bu hadysanyň ýokarlanyp barýandygyny görýärin we bu ýagdaý meni uly alada goýýar» diýip, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Aşgabada sapary mahalynda aýdypdyr.

Şeýle-de ol Aşgabady "media plýuralizmine, söz azatlygyna we maglumat elýeterligigine tarap ugur almaga" çagyrdy.

BMG-niň başlygy Türkmenistana Täjigistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Özbegistana sapar edeninden soň bardy.

XS
SM
MD
LG