Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: sil 12 adamy öldürdi


Resmiler agyr ýagan ýagyşdan soň gelen siliň Tbiliside azyndan 12 adamy öldürendigini, birnäçe adamyň bolsa ýitendigini aýtdylar.

Ýurduň içeri işler ministri Waktaň Gomelauri ýitenleriň arasynda üç sany aýalyň hem bardygyny aýtdy.

Agyr ýagyş 13-nji iýun agşamy başlanypdyr we Tbilisiniň içinden geçýän derýanyň joşup, kenaryndaky onlarça binany we maşynlary suw almagyna, elektrik liniýalaryna zyýan ýetmegine getiridir.

Sil şäheriň haýwanat bagyny hem basypdyr we möjekler, aýylar we gaplaňlar gaçyp, şäheriň dürli ýerlerine siňipdir. Ol haýwanlaryň käbiri tutuldy ýa öldürildi, emma entek tutulmadyklary hem bar.

Haýwanat bagynyň adminstrasiýasy özleriniň üç işgäriniň tapylmaýandygyny aýtdy, şäher häkimi onlarça maşgalanyň öýsüz galandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG