Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda gubernator öldürildi


Owganystanda etrap gubernatory we üç polisiýa işgäri öldürildi.

Bu waka demirgazyk-gündogar Owganystanda, olaryň maşyny ýol ýakysynda goýlan bombanyň üstünden baranda bolupdyr.

Welaýat polisiýasynyň sözçüsi Hamiudulla Hakjo Tahar welaýatynyň Işkameş etrabynyň gubernatorynyň, polisiýa ofiseriniň we onuň iki sany janpenasynyň 14-nji iýun güni irden bolan hadysada wepat bolandygyny aýtdy.

Ol gubernatoryň etrabyň gyrak-bujaklarynda ýerleşýän we öten agşam pitneçiler tarapyndan hüjüm edilen barlag nokatlarynyň ýagdaýyny bilmekçi bolandygyny aýtdy.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy. Kandahar welaýatynda hem ýol ýakasynda goýlan bombanyň bir aýaly öldürip, üç adamy ýaralandygy habar berilýär.

Ýurduň Farah welaýatynda bolsa, 14-nji iýunda hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasyndaky söweşlerde azyndan bir asuda adam öldürilip, üç adam ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG