Sepleriň elýeterliligi

"Okuw bolmasa, hiç bir zat bolmaýar"


Owganystan. Etniki türkmenler

Owganystan. Etniki türkmenler

Gyrgyzystanda okaýan owganystanly türkmenler «okuw bolmasa, hiç bir zat bolmaýar» diýýärler.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan owgan türkmenleri özleriniň Gyrgyzystanda Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan gelen türkmenler, beýleki milletleriň wekilleri bilen tanşyp, dünýä ýüzündäki aragatnaşyklaryny giňeltmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan we okamagy planlaşdyrýan owgan türkmenleri bilen söhbetdeşlik esasynda taýýarlandy.

Bu söhbeti diňläp, daşary ýurtlarda okamak, bilimli türkmen ýaşlarynyň özara gatnaşyklaryny gurmagy barada öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG