Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Gämi aganda 442 adam öldi


Hytaý häkimiýetleri ýurduň soňky altmyş ýylda bolan iň pajygaly gämi heläkçiliginde jemi 442 adamyň ölendigini yglan etdiler.

Nawigasiýa edarasynyň aýtmagyna görä, «Gündogar ýyldyzy» gämisi 1-nji iýunda Ýaňtze derýasynda agdarylanda, onuň üstünde 454 adam bar eken.

Pidalaryň köpüsi gartaşan syýahatçylar bolupdyr.

Pidalaryň garyndaşlary, howanyň erbet ýaramazlaşjagy baradaky duýduryşa garamazdan, gäminiň ýüzüşe çykmagyna rugsat berilmeginiň sebäbini soraýarlar.

XS
SM
MD
LG