Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton saýlaw kampaniýasyna başlady


ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton özüniň saýlaw kampaniýasynyň ilkinji çykyşynda amerikanlaryň gündelik durmuşyna ýardam etmegi wada berdi.

Ol Nýu-Ýorkdaky Ruzwelt adasynda müňlerçe goldawçysynyň öňünde çykyş edip, esasy syýasatyny yglan etdi. Emma öňki döwlet sekretary öz teklipleriniň anyk detallaryny aýtmady.

"Meniň bu bäsleşikde iň ýaş kandidat bolmazlygym ahmal, emma men Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň ýaş zenan prezident, şeýle-de ilkinji ene bolaryn» diýip, 67 ýaşyndaky Klinton aýtdy.

Klinton, eger 2016-njy ýylyň noýabryndaky saýlawlarda prezident saýlansa, işleýän maşgalalara kömek bermegi wada etdi: «Siz rowaç bolmasaňyz, Amerika rowaç bolup bilmez» diýip, ol aýtdy.

Ol ykdysadyýeti diňe bir ýokardakylar üçin däl, her bir amerikaly üçin işletmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG