Sepleriň elýeterliligi

Pentagon Ýewropa gorag hödürleýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Günorta Koreýada amerikan we koreý esgerleriniň öňünde söz sözleýär. Seoul, 26-njy aprel, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Günorta Koreýada amerikan we koreý esgerleriniň öňünde söz sözleýär. Seoul, 26-njy aprel, 2014.

Birleşen Ştatlar, aýdylmagyna görä, ýaranlarynyň Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerinden rahatsyzlygyny kemeltmek üçin, Gündogar Ýewropa agyr harby enjamlary ýerleşdirmegi planlaşdyrýar.

«New York Times» gazetiniň 13-nji iýunda ABŞ-nyň we ýaran ýurtlaryň resmilerine salgylanyp ýazmagyna görä, Birleşen Ştatlar «söweş tanklaryny, pyýada goşunyň söweş maşynlaryny we beýleki agyr ýaraglary, 5 müň çemesi esgeri birnäçe Baltika we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýerleşdirmäge taýýar».

Sowuk uruşdan bäri iň pes dereje

Amerikan gazetiniň ýazmagyna görä, eger-de bu teklip goldanylsa, Birleşen Ştatlaryň Sowuk uruş gutaraly bäri ozal bir zaman Sowet täsirinde bolan ýurtlarda, Gündogar Ýewropada NATO-nyň agzalygyna täze giren döwletlerde ilkinji gezek agyr harby enjamlary ýerleşdirdigi bolar.

Şeýle-de gazet Pentagonyň bu ugurdaky mümkin bolan göçüminiň Waşington we NATO tarapyndan Orsýetiň Ýewropa mümkin bolan «agressiýasyny togtatmakda» eden işleriniň arasynda iň görnükli çäreleriň biri boljagyny ýazýar.

Polşanyň Goranmak ministrligi 14-nji iýunda öz ýurdunyň Birleşen Ştatlar bilen amerikan harby enjamlarynyň depolaryny Polşada ýerleşdirmek hakynda gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Mundanam başga, ministrlik twitterde goranmak ministri Tomaş Simoniaga geçen aý, Waşingtonda saparda bolanda, depolary ýerleşdirmek kararynyň basym kabul ediljegine kepillik berlendigini ýazdy.

Soňky bir ýylda, Orsýet 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyny anneksiýa edeninden soň, hamala, Moskwanyň gündogar Ukrainadaky konflikte gatnaşygy sebäpli, Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar Sowuk uruş döwründen bäri iň aşaky derejesine düşdi.

Kiýew-Moskwa çatrygy

Kiýew, NATO we Günbatar hökümetleri Orsýeti gündogar Ukrainadaky Moskwa tarapdar separatistleri goldamakda, olara ýarag, adam kömegini we tälim bermekde aýyplaýarlar. Olar munuň Kiýewiň Günbatara tarapdar hökümetini ysgyndan gaçyrmak üçin edilýändigini aýdýarlar.

Kreml bu aýyplamalary ret edýär we, artyp barýan subutnamalara garamazdan, Orsýetiň harbylarynyň Ukrainadaky konflikte gatyşmaýandygyny tekrarlaýar.

«The Times» NATO-nyň ozalky umumy komandirine, dynç alşa çykan admiral Jeýms G.Strawdise salgylanyp, Gündogar Ýewropa agyr harby enjamlary ýerleşdirmegiň «ynjalykdan gaçan ýaranlary» köşeşdirmek jähtinden «örän saldamly syýasat çalşygydygyny» ýazýar.

Pentagon bu makala baradaky soraga jogap berip, «Birleşen Ştatlaryň harbylary soňky birnäçe ýylda, NATO ýaranlary we biziň partnýorlarymyz bilen tälim, maşk geçirmek üçin, enjamlaryň ýerini çalşyrmagy ýygjamlaşdyrdy» diýdi.

"ABŞ harbylary bu enjamlary nirede ýerleşdireňde has gowy boljagyna biziň ýaranlarymyzyň konsultasiýalary esasynda gaýtadan seredýär» diýip, polkownik Stiw Woren (Steve Warren) aýtdy.

Ýöne ol entek enjamlaryň ýeriniň üýtgediljegi ýa-da nirä göçüriljegi barada karara gelinmändigini hem sözüne goşdy.

«The Times» Pentagonyň teklibiniň entek ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter we prezident Barak Obama tarapyndan hem tassyklanmalydygyny ýazýar.

NATO-nyň goranmak ministrleriniň şu aýyň aýagynda Brýusselde toplanmagyna garaşylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG