Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan BMG-niň ýaragsyzlanmak mekezi gerek diýýär


Türkmenistan Aziýada BMG-niň Ýaragsyzlanmak boýunça regional merkezini döretmegini teklip etdi.

Prezident G.Berdimuhamedow bu teklibini 13-nji iýunda Türkmenistana sapar eden BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon bilen gepleşikleriň dowamynda öňe sürdi. Gepleşiklerde goňşy Owganystandaky durnuksyzlyk meselesiniň maslahat edilip, Türkmenistanyň owgan problemasyny diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy-diplomatik ýoly bilen çözmäge ymtylmakdan ybarat pozisiýasyny mälim edendigi resmi maglumatlarda habar berildi.

Ýadro ýaragynyň ýaňbaňlanmazlygyna hem üns berildi.

Mundan öň Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýa boýunça regional merkezini döretmegi teklip edipdi we bu merkez 2007-nji ýylda Aşgabatda açyldy.

XS
SM
MD
LG