Sepleriň elýeterliligi

G.Koreýa: MERS-den bir adam öldi


Medisina işgäri mekdep okuwçylarynyň gyzgynyny barlaýar, G.Koreýanyň Pyeongtaek şäheri, 15-nji iýun, 2015

Medisina işgäri mekdep okuwçylarynyň gyzgynyny barlaýar, G.Koreýanyň Pyeongtaek şäheri, 15-nji iýun, 2015

Günorta Koreýada Ýakyn gündogaryň dümew sindromy (MERS) atly näsaglykdan bir adam ýogaldy.

15-nji iýunda 58 ýaşly adamyň ýogalmagy keselçiligiň bir aý mundan öň tutaşaly bäri MERS-den heläk bolanlaryň sanyny 16 adama ýetirdi.

Resmiler Günorta Koreýada kesellänleriň sanyna ýene bäş adamyň goşulandygyny we ýurduň içinde wirus ýokaşanlaryň jemi sanynyň 150 adama ýetendigini aýtdylar.

Seulyň keselhanasy wakalaryň tas ýarysynyň çeşmesi bolandygy tassyklanan soň öz işini togtatdy.

5200-den gowrak adam ýurtda karantin astyna düşdi.

MERS-den waksina dermany ýok. BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasy wirus ýokaşanlaryň arasyndaky ölüm derejesi 36% diýýär.

XS
SM
MD
LG